Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Täjigistandan, Türkiýeden we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Polimer Gap» hojalyk jemgyýetinde öndürilen «Nitros» söwda markaly mineral döküni we «B» kysymly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 251 müň 370 dollaryna deň boldy.

Manat serişdesine BAE-den gelen telekeçiler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen, jemi bahasy 2 million 921 müň 300 manatlykdan gowrak dürli görnüşli nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 440 müň manatlyk ýokary hilli polietileni satyn aldylar.

tm_TMTürkmençe