Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi harytlary daşary ýutlardan satyn almakda hem-de harytlary daşary ýurtlara ýerlemekde esasy köpri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söwda ulgamy ýurdumyzyň ýokary depginler bilen ösýän pudaklaryň birine öwrüldi. Bazar gatnaşyklaryny emele getirmekde, kämilleşdirmekde durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler, hususy eýeçiligi ösdürmek babatda maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, döwlet we kooperatiw söwda ulgamlarynyň utgaşykly ösdürilmegi boýunça geçirilen çäreler, bularyň hemmesi pudagyň batly depginler bilen durnukly ösmegine itergi berdi.
Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap söwda merkezleriniň, dükanlaryň, bazarlaryň, häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň, toý mekanlarynyň, medeni-dynç alyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi bolsa, söwda ulgamynda ilata edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyryp, iň talapkär müşderiniň hem göwnünden turmaga mümkinçilik döretdi. Bu bolsa, kärhanalar tarapyndan edilýän söwdanyň, öndürilýän önümleriň möçberiniň, görnüşleriniň ýylsaýyn artmagyna getirdi.
«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy 2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda döredildi. Onuň esaslandyryjylary bolan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkezine 55%-i degişli we Hytaý Halk Respublikasynyň «Hengsheng Lianhua Inwestment Menegement Ko.,Ltd» («Hengsheng Lianhua Investment Management Co.,Ltd») kompaniýasyna 45%-i degişli. Kärhananyň maksatlary ýurdumyzyň sarp ediş bazarlaryny daşary ýurtlarda öndürilen harytlaryň ornuny tutjak, şu günki öndürilýän bäsdeşlige doly ukyply şahsy kompýuterleri, kompýuterler üçin 24, 27, 32 dýuýmlik monitorlary, planşet kompýuterleri, dürli görnüşdäki noutbuklary, dürli görnüşdäki söwda nokatlary üçin awtomatlaşdyrylan enjamlary (ştrih kod printerler, ştrih kod skanerler, çek printerleri, POS kompýuterleri) we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda, ýurdumyzyň döwlet edara-kärhanalarynyň azyk söwda nokatlaryna sanly ulgamyny ornaşdyrmak üçin programma üpjünçiliklerini, dürli görnüşdäki 75 dýuýmlik interaktiw sensor panellary, dürli görnüşdäki komutatorlary (swiç), dürli görnüşdäki simli we simsiz nauşnikleri, dürli görnüşdäki ses beriji enjamlary, dürli görnüşdäki klawiaturalary, dürli görnüşdäki syçanjyklary we kompýuterler üçin 4 megapiksellik web kameralary öndürmek arkaly döwletimiziň ykdysadyýetine özüniň saldamly goşandyny goşmakdan ybarat bolup durýar.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2022-nji ýylyň 7 aýynda edilen söwdanyň möçberi 5345 mln. manatdan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 182 mln. manat ýokarlandy ýa-da ösüş depgini 103,5 göterime deň boldy.
Ministrligiň garamagyndaky önümçilik kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleriniň köpelmegi, hiliniň ýokarlanmagy bilen birlikde, önümçiligiň möçberleri artdyrylyp, 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen haryt önüminiň möçberi 177,8 mln. manatdan ybarat bolup, geçen ýyla garanyňda, 107,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Şeýle hem hasabat döwründe çörek we çörek önümleri 52 müň tonna, süýji-köke önümleri 2,2 müň tonna, şöhlat önümleri 485 tonna, unaş önümleri 645 tonna, gök-miwe konserwleri 9,8 mln. şertli guty, alkogolsyz içgiler 1,7 mln. dekalitr möçberinde ýerine ýetirildi.
Häzirki wagt ministrligiň «Gülüstan» söwda bazarynyň, Berkarar etrabynyň azyk söwda kärhanasynyň, Bagtyýarlyk etrabynyň azyk söwda kärhanasynyň, «Aşgabat» döwlet söwda firmasynyň, «Türkmenpolat» döwlet lomaý bölek söwda firmasynyň Türkmenbaşy şäherinde, «Awaza» söwda merkeziniň Türkmenbaşy şäherinde, «Merw» döwlet lomaý bölek säwda firmasynyň Mary şäherinde we «Daşoguz» döwlet lomaý bölek söwda firmasynyň Daşoguz şäherinde internet-dükanlary işe girizildi.
Ýurdumyzda elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň bir bitewi www.e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly döredildi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan www.e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalyna ministrligiň www.mintradefer.gov.tm saýty hem-de edara-kärhanalarynyň internet sahypalary «Söwda we hyzmat» penjiresine ýerleşdirildi. Şeýle hem Döwlet söwda gözegçilik gullugynyň resmi www.dsgg.com.tm saýty açyldy.

tm_TMTürkmençe