Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň esasy maksatlarynyň biri hususyýetçileriň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge, içerki we daşarky bazarda ýokary bäsdeşlige ukyply bolan harytlary öndürmäge, öňdebaryjy tehnologik täzelikleriň önümçilige girizilmegine we giňden peýdalanylmagyna gatnaşmagyna ýardam etmekdir.
Importuň ornuny tutup biljek ýokary hilli önümleri öndürmek, ýurtda haryt we azyk bolçulygyny döretmek boýunça meseleleri çözmekde hususy ulgama ähmiýetli orun berilýär. TSTB-niň agzalary iri şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Şu jähetden telekeçileriň türkmen paýtagtynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ýurduň beýleki sebitlerinde alyp barýan gurluşyklary we ulanmaga berlen binadyr desgalaryň ýüzlerçesi bellärliklidir. Türkmen telekeçileri dünýä ülňülerine laýyk derejede ýokary hilli gurluşyk işlerini geçirmekde ýeterlik tejribe topladylar. Bu bolsa olara daşary ýurt bazarlaryna çykmaga giň mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy işewürleriniň eksport mümkinçilikleri ep-esli artdy. Olaryň dünýäniň söwda-ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda wekilhanalarynyň Hytaý Halk Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Awstriýa Respublikasynda açylmagy möhüm ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň telekeçileriniň önümleriniň ep-esli bölegi Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky söwda merkezlerinde, şol sanda Sinin şäherinde (HHR), Bişkekde (Gyrgyz Respublikasy), Tbiliside (Gruziýa), Balh welaýatynyň Mazary-Şerif şäherinde (Owganystan) ýerlenilýär.
Ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda türkmen telekeçileriniň täze tehnologiýalar esasynda alyp barýan işlerini bellemek bolar. Bu gün ýurdumyzyň hususy pudagyna ýerasty baýlyklaryndan kaliý dökünlerini öndürmek, Aşgabat —Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak ýaly, täze, innowasion usullardaky, dünýä tejribesine laýyk gelýän iri taslamalar ynanylýar.
Soňky on ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, «Rysgal» paýdarlar-täjirçilik banky döredildi. Olaryň işi hem Türkmenistanda döwlete degişli bolmadyk ulgamy höweslendirmäge gönükdirilendir. «Rysgal» gazeti ýurdumyzda ilkinji hususy gazet bolup, birleşmäniň ýubileýi mynasybetli täze internet saýty mediýa-önümi okyjylara teklip edilýär. Telekeçilik mekdeplerinde bolsa diňleýjilere hünär taýýarlygynyň elliden gowrak ugurlary teklip edilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýatlardaky şahamçalarynyň täze toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň alty aýynda 167,9 göterime, senagat önümçiligi bolsa 110,1 göterime barabar boldy.

tm_TMTürkmençe