Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy — özara ynamyň girewi

Häzirki wagtda Türkmenistan özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mesgenine öwrüldi. Döwletimizde daşary söwda ulgamy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Döwlet Haryt-çig mal biržasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 1994-nji ýylyň 29-njy iýulynda döredildi. Türkmenistanyň Döwlet Haryt-çig mal biržasy döwletde eksport-import amallaryny kadalaşdyryjy ykdysady ulgamlarda wajyp orny eýeläp, adalatly işewürligiň we amatly bähbitleriň kanunyna daýanýan işi ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň Döwlet Haryt-çig mal biržasynyň strategiýa maksatlary haryt dolanyşygyny köpeltmekden we çaltlandyrmakdan, içerki bazary isleg bildirilýän harytlar, ýurduň halk hojalyk ulgamyny modernizasiýa etmek üçin önümçilik-tehniki maksatly önümler we enjamlar bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Şu günki günde türkmen biržasynda ýerli önümler dünýäniň 40-dan gowrak ýurtlaryna, şol sanda, Türkiýä, Hytaýa, Russiýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Singapura, Ukraina, Beýik Britaniýa, ABŞ-a, Şweýsariýa we beýleki ýurtlara satylýar.
Birža söwdalaryna nebit-himiýa, gurluşyk, ýeňil senagat, oba hojalyk, maşyngurluşyk önümleri çykarylýar. Satyn alyjylar harytlaryny demir, howa ýollary, şeýle-de Türkmenbaşy şäherinde täze gurlan, ýylda ýük geçirijilik kuwwatlylygy 17 million tonna barabar bolan deňiz portyndan eksporta ugradyp bilýärler.
Türkmen biržasynda müşderleri hasaba almak, maliýe gözegçiligini geçmek üçin kompaniýalaryň hasaba almak, dellal ýerlerini hasaba almak/uzaltmak, hasaplaşyk-fakturalaryny tölemek, onlaýn-söwda sanly hyzmatlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa söwdalaryň çalt depginde alnyp barylmagyna uly ýardam berýär.
Döwlet haryt-çig mal biržasynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda söwda geleşikleriniň 149-sy geçirilip, şolarda 18 müň 255 şertnama hasaba alyndy.
«Türkmenistanyň Döwlet Haryt-çig mal biržasy — özara ynamyň girewi» şygary astynda ýurdumyzyň senagat we telekeçilik gurluşlary bilen halkara bazara goşulyp, kämilleşmegini dowam edýär.

tm_TMTürkmençe