Ykdysadyýet

Türkmen dokma önümlerine dünýäde isleg barha artýar

Şu günki günde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde 60-dan gowrak dokma toplumlary, dokma we egriji fabrikleri, tikin hem-de gön-aýakgap fabrikleri hereket edýär.
Dünýäniň öňdebaryjy, daşary ýurt kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan kärhanalarda halkara bazarda bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmek maksady bilen, dokma kärhanalarynda yzygiderli modernizasiýa — tilsimat we kömekçi enjamlary täzelemek işleri geçirilýär.
Ýokary hilli türkmen dokma önümleri ýurdumyzyň dokma pudagynyň ösmegine, içerki bazary owadan, ýokary hilli milli önümler bilen üpjün etmäge hem-de «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini we görnüşlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň dokma pudagyny ösdürmegiň çäklerinde hem-de dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda täze dokma toplumlary işe girizildi.
Häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriniň 70%-den gowragy Türkiýe, Russiýa, Polşa, Gazagystan, Ermenistan, Belarusiýa, Pakistan, Hytaý we beýleki döwletlere eksport edilýär.
Ýokary netijelilikli, ekologik taýdan arassa we dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümçilik tehnologiýalary dünýä bazarynda türkmen dokma önümlerine bolan islegiň has-da artmagyna täsir edýän esasy görkeziji bolup durýar.
Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Dokma senagaty ministrliginiň edaralarynda taýýarlanan önümleriň, şol sanda pagta ýüplüginiň, matalaryň önümçiliginiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 136 göterime we 128,7 göterime deň boldy. Tikin we trikotaž önümleriniň ösüşi 115,8 göterime, gön önümçiliginiň ösüşi bolsa 107,9 göterime barabar boldy.

tm_TMTürkmençe