Ykdysadyýet

Тürkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

Тürkmenistanyň Söwda-senagat edarasy kiçi, orta we uly telekeçiligiň bähbitlerine wekilçilik edýär hem-de milli ykdysadyýetiň ösmegine, dünýä hojalyk ulgamyna goşulmagyna, telekeçilik işiniň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ulgamyna welaýat Söwda-senagat kärhanalary, terjimeçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhana hem-de Söwda öýi girýär.
Ýurtda öndürilen harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny ösdürmäge ýardam bermek edaranyň ileri tutýan wezipesi bolup, türkmen edaralaryna we hususy telekeçilere daşary ýurt bazarlarynda işlerini amala aşyrmaga ýardam berýär. Ilkinji nobatda, diňe ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurt telekeçilerine hem gowy hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek, şol sanda Seljerme namalaryny we harytlaryň gelip çykyşy hakynda ST-1 sertifikatlaryny bermek, organoleptiki seljerme geçirmek, gümrük beýannamalaryny resmileşdirmek, maddy serişdeleriň könelme derejesini tassyklamak üçin maslahat namasyny bermek, fors-mažor ýagdaýlaryny tassyklaýan netijenamalary bermek, daşary ýurt dillerinden/daşary ýurt dillerine terjime etmek, terjime edilen resminamalary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň möhüri bilen tassyklamak, dürli görnüşli işewürlik çärelerini — maslahatlary, forumlary guramak we geçirmek ýaly hyzmatlary muňa mysal getirip bolar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy daşary ýurt söwda-senagat edaralarynyň we birleşmeleriniň 70-den gowragy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda baglaşylan ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň esasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklaýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara sergi-maslahat çäreleriniň utgaşdyryjysy bolup durýar. Olary ýokary halkara derejesinde geçirmek üçin, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň umumy meýdany 8000 inedördül metr bolan amatly sergi, 600 orunlyk maslahat zallary, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin gepleşik jaýlary, 50 orunlyk kiçi maslahat zaly hem-de enjamlary goşmak bilen ähli zerur düzümler bar.
Tükmenistanyň Söwda-senagat edarasy Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilen Bütindünýä «EKSPO-2010», Günorta Koreýanyň Ýosu şäherinde geçirilen «EKSPO-2012», Italiýanyň Milan şäherinde geçirilen «EKSPO-2015», Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen «EKSPO-2016», Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen «EKSPO-2017», Dubaý şäherinde geçirilen «EKSPO-2020» sergilerinde Türkmenistanyň milli pawilýonlaryny guraýjy bolup çykyş etdi.
Ýeri gelende bellesek, Söwda-senagat edarasynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 104,1 göterime deň boldy.

tm_TMTürkmençe