Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadyna çykýar

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 8-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň geçen alty aýda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dynç almaga rugsat berilýändigini yglan etdi. Olar zähmet rugsadynda Awazada, «Arçmanda», «Ýyly suwda» ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler.
Döwlet Baştutanymyz hem şu döwürde zähmet rugsadynda bolar. Bu barada TDH habar berýär.

Author

admin

tm_TMTürkmençe