Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Malaýziýanyň Premýer-ministri Serdar Berdimuhamedowa Gutlag hatyny ýollady

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.
Geçen ýyllaryň dowamynda biziň doganlyk ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşdyrylýandygynyň şaýady bolduk.
Pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna ýardam berýän döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine taýýardygyny tassyklaýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ismail Sabri Ýakob,
Malaýziýanyň Premýer-ministri.