Aşgabat şäheri

Geçen hepde ýerli biržada geleşikleriň jemi bahasy 23 million dollardan geçdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyn-dan, ABŞ-dan we BAE-den gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawod-lar toplumynda öndürilen awiakerosini, göni işlenen awtobenzini, tehniki uglerody we polipropi-leni satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 146 müň 240 dollary-na barabar boldy.
Manat serişdesine BAE-den, Gazagystandan, Türkiýeden we Hindistandan gelen işewürler Dok-ma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen, jemi bahasy 8 million 885 müň 500 manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Author

admin

tm_TMTürkmençe