Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz şäherinde täze hassahanalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam edýän toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen ähmiýetli lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň – Köpugurly we Onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada TDH ýazýar.
Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryň möhüm ugurlary Diýarymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny has-da ösdürmekden hem-de kämilleşdirmekden, pudagyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan, ylmy we amaly lukmançylyk babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.
Sebitde döwrüň talaplaryna kybap gelýän dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen iri lukmançylyk merkezleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, hatda iň alys künjeklerinde-de guruldy we häzirem bina edilýär. Bu bolsa göniden-göni ýerinde ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik döredip, ilatyň ömür dowamlylygynyň artmagyna ýardam edýär.
Bularyň ählisi soňky ýyllarda ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek babatda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.