Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Daşoguzda açylan lukmançylyk edaralaryna halkara güwänamalar berildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna ilkinji toý saparynyň çäklerinde açylyp ulanmaga berlen täze lukmançylyk edaralary — 450 orunlyk köpugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy abraýly halkara güwänamalaryň hem birnäçesine mynasyp boldy. Olar açylyş dabaralaryna gatnaşmaga gelen daşary ýurtly bilermenler tarapyndan gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar.
Hususan-da, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasyna we onkologiýa hassahanasyna Niderlandlar Patyşalygynyň «Philips Medical Systems» kompaniýasy tarapyndan «Sebitde innowasion enjamlar bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahana» diýen halkara güwänamalar, Germaniýanyň halkara «KTQ International GmbH» guramasy tarapyndan näsaglara edilýän hyzmatyň, hassahananyň dolandyrylyşynyň, howpsuzlygynyň, maglumat we aragatnaşygyň, kliniki töwekgelçilikleri dolandyrylyşynyň, iş şertleriniň halkara standartlara laýyk gelýändigini kepillendirýän güwänamalar, hassahanada ulanylan materiallaryň we enjamlaryň tehniki häsiýetnamalara we düzgünnamalara doly laýyk gelýändigini kepillendirýän «ISO 9001» güwänamalary, hassahanada ulanylan enjamlaryň we alnyp barylan gurluşyk işleriniň daşky gurşawa zyýanlylygynyň ýokdugy barada «ISO 14001» güwänamalary gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginiň, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ylmyň iň soňky gazananlaryna esaslanýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.