Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygyny kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytowy kabul etdi. Bu barada TDH ýazýar.
Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, myhman döwlet Baştutanymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň häzirki zamanyň ýagdaýlaryny, onuň geljekki ösüşini nazara alyp, Merkezi Aziýa döwletleri bilen netijeli ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň giňeldilmegine bolan başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça wajyp duşuşyklaryň hem-de forumlaryň birnäçe gezek geçirilmegi we olarda ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçy düzümine we halkyna özüniň bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky hoşniýetli sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlar üçin hemişe açykdygyny belledi. Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän ýurdumyz sebitde, şol sanda abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalaryň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerinde oňyn orun eýeleýär.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman gatnaşyklaryň geljekki ugurlary barada aýdyp, söwda-ykdysady ugurlarda bolşy ýaly, ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işi ýurdumyz bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugry hökmünde parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şunda kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmak meseleleri has-da ähmiýetlidir.
Halkara hukuk kadalaryny utgaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyny şertlendirýär.
Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň paýtagtymyzda geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Munuň özi sebitiň ýurtlarynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmäge gönükdirilen gatnaşyklary berkitmäge, Merkezi Aziýa döwletleriniň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, özara geňeşmeleriň üsti bilen tejribe alyşmaga gönükdirilendir.
Duşuşygyň ahyrynda mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene bir ýola hoşallyk bildirip hem-de forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, Talant Mamytow Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy hökmünde iki ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Leave a comment

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *