Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaga hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana, ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarynydyr iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH ýazýar.
Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Katalin Nowaga hem-de Premýer-ministr Wiktor Orbana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Wengriýanyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Leave a comment

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *