Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa, ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Siril Ramafosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Günorta Afrika Respublikasynyň halkyna bolsa öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Bu barada TDH ýazýar.

Leave a comment

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *