«Arkadagymyzyň ýörelgesi — milli gymmatlyklarymyza sarpa»
Şu gün, 28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Söwda toplumynyň ilknji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda pederlerimizden gelýän milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagymyzyň ýörelgesi — milli gymmatlyklarymyza sarpa» atly maslahat geçirildi.
Wagyz-nesihat maslahatyna ady agzalan edaralaryň hem-de guramalaryň hünärmenleri, talyp ýaşlar, şeýle-de käbir ýokary mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Gatnaşanlar öz gezeginde, türkmen milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, türkmeniň ahlak ýörelgesi, zenan mertebesi, şeýle-de milli gymmatlyklarymyz — türkmen halysy, türkmen bedewi hem-de türkmen alabaýy barada gyzykly, täsirli gürrüňler berdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda uly mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýtdylar.