Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Maltadan, Şweýsariýadan, Özbegistandan we Germaniýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, polipropileni, az kükürtli ýakyş mazudyny, yşyklandyryjy kerosini, nebit koksuny, nebit bitumyny we reňksiz aýna önümlerini satyn aldylar. Şeýle-de Serbiýadan gelen işewürler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen guradylan buýan köküni we kök baldaklaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 53 million 999 müň 172 dollaryna barabar boldy.

Manat serişdesine Beýik Britaniýadan gelen işewürler jemi bahasy 87 müň 869 manatlyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümleri satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 613 müň 200 manatlykdan gowrak pagta süýümini, halylary we nah ýüplügini satyn aldylar.

Leave a comment

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *