Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary

5-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna guralan saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri hem-de Lebap welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekip, maksatnamada esasy ugurlaryň kesgitlenendigini belledi. Olar toplumy senagatlaşdyrmakdan, ýagny täze nebitgaz känlerini tapmakdan we olary senagat taýdan özleşdirmekden ybaratdyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ilatynyň we täze ýaşaýyş toplumlarynyň artýandygyny nazara alyp, içerki sarp edijileri degişli önümler bilen doly üpjün etmek, şeýle hem nebitgaz senagatynyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak maksatnamanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň dowamynda hut şu ugurlaryň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy we şu günki maslahata hormatly myhmanlaryň, ýagny ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandygyny, olaryň hem pikirleriniň diňleniljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn energetika syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini belledi. Täze baý gorlary bolan känler açylyp ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän kuwwatlyklar döredilýär, şol bir wagtyň özünde halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz belledi we ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory B.Pirnyýazowa söz berdi.

Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçysy häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynyň çäklerindäki känleriň önüm berijiligini, geljegi uly hasaplanylýan guýularyň işini ylmy esasda öwrenmek, alnan barlag işleriniň netijelerini seljermek boýunça işleriň tassyklanylan meýilnama esasynda dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen birlikde, alymlar tarapyndan degişli ugurlar boýunça ösen tejribäni öwrenmek, institutyň işine täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak, şeýle hem pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak meselelerine möhüm üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň okgunly ösdürilmegine ugurdaş ylmy institutlaryň ýerine ýetirýän ylmy-barlag işlerine, olaryň öňe sürýän ylmy başlangyçlaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu işleriň talabalaýyk derejede ösdürilmelidigine ünsi çekdi. Şunlukda, innowasion tehnologiýalar işjeň ulanylyp, düzümi has-da ösdürmek üçin zerur bolan ylmy çözgütleriň kabul edilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy M.Rozyýew Lebap welaýatynyň çäklerinde geçirilen geofiziki barlaglaryň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, milli Liderimiziň ýerasty baýlyklary gözlemek we ýüze çykarmak babatda döredip berýän şertleri esasynda korporasiýa tarapyndan «Malaý» gaz käninde hem-de «Demirgazyk Derwüş» meýdançasynda gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan geologik-gözleg işleri barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň 2D we 3D seýsmiki gözlegler esasynda täze ýataklary ýüze çykarmak barada ozal beren tabşyryklary boýunça Lebap welaýatynda ýerleşýän «Malaý» we «Naýyp» gaz känlerine ýanaşyk ýerlerde geofiziki işler geçirildi. Netijede, «Demirgazyk Derwüş» we «Malaý» käniniň aşaky gatlaklarynda täze gümmez ýüze çykaryldy.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Malaý» gaz käninde çuňlugy 4000 metr we «Demirgazyk Derwüş» meýdançasynda çuňlugy 3200 metr bolan gözleg we barlag guýularyny gazmagyň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynda barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek üçin hemme şertleriň döredilendigini belläp, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de maksatnamalaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy. Bu işler ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde esasy orunlaryň birini eýeleýän nebitgaz pudagynyň önümçilik görkezijileriniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Soňra «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow milli Liderimiziň Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Konserniň Lebap welaýatyndaky Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň Bagajanyň kükürtli gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatlygynda işletmek üçin zerur bolan işleri ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär. Göz öňünde tutulan işleriň geçirilmegi netijesinde, gaz kondensatynyň, suwuklandyrylan gazyň möçberiniň artdyrylmagy, şeýle hem tebigy gazyň bir gije-gündizde 2 million kub metr goşmaça möçberini çykarmak maksat edinilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde nebitgaz senagatyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek we sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz türkmen tebigy gazynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de onuň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi hem-de bu babatda konserniň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýakyn geljek ýyllarda Mary we Lebap welaýatlarynda tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag instituty tarapyndan degişli işleriň geçirilendigi we geljekde hem bu ugurda zerur işleriň geçiriljekdigi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, Bagajanyň kükürtli gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatynda işletmek arkaly gaz kondensatynyň, suwuklandyrylan gazyň önümçiligini artdyrmak hem-de tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak meýilleşdirilýär.

Wise-premýer milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan degişli işleriň geçiriljekdigini habar berdi. Şeýle hem geologik maglumatlara esaslanyp, täze ýüze çykarylan we baý gorlary bolan känleriň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň tebigy gaz gorlarynyň möçberleri has-da artar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, şol sanda gazylyp alynýan tebigy çig mal önümleriniň möçberini hem-de nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly öndürilýän önümleriň görnüşlerinidir mukdaryny artdyrmagyň hasabyna ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biridigini nygtady hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylary degişli ugurlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynyň çäginde bar bolan känlerden alynýan tebigy gazyň mukdaryny artdyrmak, pudagyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek, oňa häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şol bir wagtyň özünde hereket edýän guýularyň önüm berşini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly täze guýulary özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýerine ýetirilýän işler barasynda, şol sanda şonuň bilen baglylykda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça degişli ugurlar we halkara düzümler bilen bilelikde zerur işler geçirilýär. Munuň özi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini görkezýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn düzümleriniň hünärmenleri häzirki döwürde nebitgaz känleriniň öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de geljegi uly täze uglewodorod serişdelerine baý bolan känleri gözläp tapmak we ýüze çykarmak, olary senagat taýdan özleşdirmek ugrunda häzirki zaman ylmyna esaslanýan işleriň alnyp barylýandygyny bellediler.

Toplumda alnyp barylýan hemmetaraplaýyn işler döwlet Baştutanymyzyň pudagyň kuwwatyny artdyrmak, onuň düzümlerine innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär.

Iş maslahatynyň dowamynda tebigy gaza we gaz kondensatyna baý gorlary bolan täze guýulary taýýarlamak maksady bilen, käbir meýdançalarda häzirki zaman ylmyna esaslanýan gözleg işleriniň geçirilýändigi barada hasabat berildi. Ozal bar bolan maglumatlary täzeden seljermegiň netijesinde ýüze çykarylan känlerde hem-de meýdançalarda gözleg guýularyny burawlamak amala aşyrylýar.

Nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky uzak möhletleýin maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar berlen hasabatlaryň özenini düzdi. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod çig malyny netijeli gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň mukdaryny artdyrmak hem-de şolaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp hem-de iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda uglewodorod serişdeleriniň bar bolan ägirt uly gorlaryny özleşdirmek hem-de halkymyzyň we dünýä halklarynyň bähbidine ulanmak üçin zerur şertleriň döredilýändigini belledi, hususan-da, daşary ýurt maýadarlary üçin hyzmatdaşlyga kanunçylyk, maliýe-ykdysady taýdan amatly şertler üpjün edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýäde iri energetika döwleti hökmünde ykrar edilmegine ýardam berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen çykarmak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Häzirki döwürde hem bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly, işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Bu ugurda dünýäniň birnäçe döwletleri we iri kompaniýalary bilen netijeli işler ýola goýulýar.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, şol hyzmatdaşlaryň arasynda Hytaý Halk Respublikasynyň aýratyn möhüm ornunyň bardygyny belledi. Türkmenistan bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda tebigy gaz ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk özüniň netijeli we özara bähbitli häsiýeti bilen tapawutlanýar. Geçen ýyllaryň dowamynda biziň bilelikde amala aşyran taslamalarymyz häzirki wagtda halklarymyzyň bähbidine hyzmat edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpine ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge, hususan-da, ýurtlarymyzyň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçylaryna we ýurdumyzda iş alyp barýan ähli wekillerine hem işjeň gatnaşyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow strategik häsiýetli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljekde hem uzak möhletleýin esasda dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigini nygtady. Biziň maksadymyz ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmagyň, halklaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ulanmakdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan şu belent maksatlara ýetmek üçin sanlyja ýylda dünýä ähmiýetli möhüm taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilendigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Şol iri taslamalaryň biri hem «Malaý» gaz gysyjy desgasydyr. Türkmen tebigy gazyny uzynlygy 188 kilometr bolan Malaý — Bagtyýarlyk turba geçirijisi arkaly «Asyryň iri taslamasy» diýlip atlandyrylan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine bermekde möhüm ähmiýetli bu desga laýyk bir ýyl mundan ozal açylyp ulanmaga berildi.

Lebap welaýatyndaky «Malaý» ýatagyndan tebigy gaz 1986-njy ýyldan bäri alynýar. Başlangyç gory 358 milliard 700 million kub metr bolan bu känden häzirki döwre çenli 247 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz çykaryldy. Häzirki wagtda bu ýerden gaz çykarmagy dowam etmek, onuň çägini giňeltmek, şeýle hem özleşdirilýän gatlakdan aşaky gatlaklaryň gaz gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak möhüm wezipeleriň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, diňe «Malaý» ýatagyny däl-de, beýleki gaz ýataklaryny hem düýpli özleşdirmek işlerini çaltlandyrmalydygyny, bu ugurda ähli zerur şertleriň mundan beýläk-de dörediljekdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň şu şertlerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzda ýakyn ýyllarda tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak baradaky meýilnamalary durmuşa geçirmegi üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün ediljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz diwersifikasiýa ýoly bilen uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky wekilleriniň hem uly goşandynyň bardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýdyp, korporasiýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýluna söz berdi.

Çen Huaýlun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen mähirli gutlap, päk arzuwlaryny aýtmak bilen, 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işleýändigine hem-de türkmen-hytaý nebitgaz hyzmatdaşlygynyň täze eýýamynyň başlanmagynyň şaýady bolandygyna ünsi çekdi.

Myhmanyň çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen CNPC korporasiýasynyň arasynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilendigi, häzirki wagtda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde 29 sany gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilýändigi, jemi 137 sany guýudan tebigy gazyň alynýandygy, 2021-nji ýylda bolsa Türkmenistandan Hytaýa 34 milliard kub metre ýakyn tebigy gazyň iberilendigi bellenildi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda «Malaý» gaz gysyjy bekediniň ulanylmaga tabşyrylmagy gyşky ýyladyş möwsüminde tebigy gazyň Hytaýa bökdençsiz iberilmegini üpjün etdi. 2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylanyndan bäri, jemi 320 milliard kub metrden hem gowrak türkmen gazy Hytaýa iberildi. Hyzmatdaşlygyň netijeleri bütin dünýäniň ünsüni özüne çekdi we halkara jemgyýetçiligiň hormatyna mynasyp boldy.

Şeýle hem geçen ýylyň awgustynda «Galkynyş» gaz ýatagynda 3 sany guýyny burawlamak taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanandygyna üns çekilip, CNPC-niň bu guýularyň gurluşyk işlerini 2022-nji ýylda tamamlamak üçin ähli tagallalary etjekdigi ynandyryldy.

Hasabatyň çäklerinde ýokary derejede gazanylan möhüm ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, CNPC-niň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň ähli zerur çäreleri amala aşyrýandygy, taraplaryň bu ugurda birnäçe netijeli gepleşikleri geçirendigi, ýakyn wagtda gepleşikleriň täze tapgyryna başlanyp, hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de tebigy gazyň söwdasyny ýokarlandyrmak baradaky baş maksada ýetmek ugrunda zerur çäreleriň görüljekdigi bellenildi.

Myhmanyň çykyşynda 2022-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl, 17-nji iýulda bolsa «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägine degişli Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegine 15 ýyl dolýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ol CNPC korporasiýasynyň ozal baglaşylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegi mundan beýläk hem dowam etjekdigine, şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigine ynandyrdy.

Myhmanyň çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gaza baý ýurt. Hytaýyň bazarynyň bolsa geljegi uly. Türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyny, iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelmegi bilen birlikde, üstaşyr geçýän ähli ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmekde örän möhüm orny eýeleýän, birek-biregiň üstüni ýetirýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyk diýip häsiýetlendirip bolar.

Myhman sözüniň ahyrynda bütin dünýäniň häzirki wagtda pes uglerodly bölünip çykmalaryň gazanylmagyny üpjün etmäge tarap geçýändigini we tebigy gazyň esasy energiýa sarp edilişindäki paýynyň ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny belledi we şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara energiýa ulgamynda has möhüm orny eýeleýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanyň çykyşyny diňläp, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň wekiline Türkmenistanda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe söz berdi.

Häkim, ilki bilen, täze ýylyň ilkinji günlerinde iş saparyny amala aşyryp, Lebap welaýatyna gelendigi hem-de bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanşandygy, hormatly Prezidentimiziň sahawatly gadamynyň asmandan inýän nur-bereket bilen utgaşýandygy üçin milli Liderimize welaýatyň ähli halkynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Welaýatda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak arkaly, gowaça ekilýän meýdany azaltmagyň hem-de seçgiçilik işini kämilleşdirmegiň hasabyna, ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Şeýle hem maldarçylyk önümleriniň öndürilişi artdyrylar.

Häkim sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, maldarçylykda, aýratyn-da, dowardarçylykda işleýänleriň iş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitleri ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, uzak ömür, maşgala bagtyýarlygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline baryp, ol ýerden paýtagtymyza ugrady.

TDH

Leave a comment

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *