Aşgabat şäheri

Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Kipriň we Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Ýer zemin berekedi» hususy kärhanasynyň posdan we ýaglardan arassalamak üçin niýetlenen serişdäni satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 11 million 672 müň  dollaryndan gowrak boldy.

Author

admin

Leave a comment

Your email address will not be published. Required fields are marked *

tm_TMTürkmençe