Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ХV Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary ýene-de duşuşmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Täjik Lideri YHG-niň Sammitine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelmäge iberen çakylygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, mähirli kabul edilendigi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilýän bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin milli Liderimize sagbolsun aýtdy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň hem-de geljekki meýilnamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary boýunça pikir alşyp, ýurtlaryň ikitaraplaýyn bähbitlere hem-de sebit we ählumumy derejedäki abadançylyk maksatlaryna kybap gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydygyny nygtadylar.

Türkmen-täjik syýasy gatnaşyklarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletlerň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki ýygjam hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Ulag we energetika toplumy Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar. Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-täjik toparyna möhüm orun degişlidir. Bu topar iki ýurduň arasynda daşary-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär.

Döwlet Baştutanlary ynsanperwer ulgamdaky, ylym-bilim hem-de medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, döredijilik we ylmy edaralarynyň işgärleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

Prezident Emomali Rahmon pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Täjigistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Iki döwletiň senalary ýaňlanandan soň, Täjigistanyň Baştutany özi üçin bellenilen kabulhana ugrady.

Author

admin

Leave a comment

Your email address will not be published. Required fields are marked *

tm_TMTürkmençe