Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi

27-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Türkiýäniň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Howa menzilinden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň ugratmagynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna tarap ugrady.

Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň awtoulag kerweni Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen mähirli görüşdi.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Soňra Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlandy.

Iki ýurduň Liderleri Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdylar.

Dabaranyň ahyrynda Hormat garawuly rotasynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýöriş bilen geçdiler.

Belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni atly hormat eskortunyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady.

Köşgüň merkezi girelgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň türk kärdeşini mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, milli Liderimiz Türkiýäniň Baştutanyny ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmek üçin niýetlenen otaga çagyrdy. Bu ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmäge iberen çakylygy kabul edendigi üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belläp, ýokary derejede geçiriljek bu gezekki duşuşygyň iki doganlyk halkyň umumy taryhy köklerine we medeni-ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylygy we bu ýerde mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine täze itergi bermäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklady.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň güýçli depginlerde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň umumy pikirine görä, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň şu günki ýokary derejesi iki doganlyk döwletleriň birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de ony döwrüň talabyna we oňyn özgertmelere laýyklykda baýlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň artmagy netijesinde amal boldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň eýeleýän möhüm ornuna üns berildi.

Ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşikler tamamlanansoň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda: hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Anadolu agentliginiň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada “Türkmenatlary” döwlet birleşigi bilen Türkiýe Respublikasynyň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdep babatynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdebiň Tertipnamasyna; hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; protokol işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler mnistrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemleri barada aýdyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana, Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň ähli agzalaryna açyklyk, özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşiklerüçin minnetdarlyk bildirdi. 

Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek meselesine aýratyn üns berilendigi aýdyldy. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellemek gerek. Bu bolsa, halkara giňişliginde biziň ýurtlarymyzyň üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki abraýly halkara guramalarynda hereketlerimizi utgaşdyrmagyň tejribesi we özara goldaw bermek dowam etdiriler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Biziň ýurtlarymyz häzirki zamanyň ählumumy howplaryna – halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy netijeli göreşmek maksady bilen, anyk ugurlarda gatnaşyklary dowam ederler. Şunuň ýaly özara gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalarynyň çäklerinde amala aşyrylar diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ünsüni Türkmenistanyň we Türkiýäniň Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak işinde utgaşykly hereketi dowam etjekdigine çekdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Türkiýäniň gatnaşyklarynda strategik ugur bolup durýandygyny belläp, bu ýerde ýurtlarymyzyň çäklerinden geçýän Gündogar–Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek işinde ýakyndan hyzmatdaşyk etmek we tagallalarymyzy utgaşdyrmak barada ylalaşylandygyny aýtdy. Gürrüň, hususan-da, Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe geçelgesi barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde port üpjünçilik ulgamyny, ilkinji nobatda, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň arasynda netijeli ulag gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny ulanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmekde halkara bazaryna, şol sanda Ýewropa ugruna energiýa serişdelerini ibermekde köpugurly ulgamy döretmek boýunça tagallalary güýçlendirmek barada ylalaşyklar gazanyldy. Şu ýerde energiýa howpsuzlygyny ählumumy üpjün etmegiň aýgytly şerti hökmünde Türkmenistanyň we Türkiýäniň energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin çykyş edýändigi aýratyn möhüm bolup durýar.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň yzygiderli, gyzyklanma bildirilýän we özara bähbitli söwda hyzmatdaşlygynyň häsiýeti bellenildi

Döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn orun berlendigini belläp, bu ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, iki ýurduň medeniýet işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary höweslendirmäge, Medeniýet günlerini her ýyl nobatma-nobat geçirmäge, ylym we bilim ulgamynda, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada hem ylalaşyk gazanylandygyny nygtady.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly şahsy üns berýändigi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz saparyň netijelerine uly kanagatlanma bildirýändigini, şu gün gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň hiline ýokary baha berýändigini nygtady.

Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy uzak möhletleýin geljekde ýakyn we köpugurly hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny we eýerýändigini ýene-de bir gezek görkezdiler. Bu biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, olaryň abadançylygyna we ösüşine hyzmat edýär. Halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäge we saklamaga uly goşant goşýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda doganlyk türk halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemek ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin türkmen kärdeşine hoşallyk bildirdi hem-de şu günki gepleşikleriň jemleriniň iki doganlyk halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtlandyrjakdygyna, döwletara gatnaşyklary täze belentlige çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Belent mertebli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şu ýyl bellenilen 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de Türkiýäniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden döwletdigini we Aşgabatda ilkinji ilçihanany açan ýurtdugyny aýratyn nygtady.

Türk Lideri çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda türki dilli ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Stambulda geçirilen sammitine gatnaşmagynyň hem-de Türkmenistana bu guramada synçy döwlet derejesiniň berilmegi forumyň ähmiýetini artdyrandygyny belledi.

Türk Lideri ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň wajypdygyny belläp, medeniýet, ylym we bilim, ýaşlar syýasaty we sport ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Belent mertebeli myhman bu günki gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň we iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň berkidilmegine we hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bildirilen myhmansöýerlik üçin milli Liderimize ýene bir ýola hoşallyk bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan sözüni jemledi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz gadymy türkmen topragynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň uly hormat bilen kabul edilendigini aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň görnükli syýasatçy hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýandygyny aýtdy. Ol özüniň ýadawsyz zähmeti we ýokary ýolbaşçylyk ukyby bilen diňe bir Türkiýäniň öňe gitmeginde däl-de, eýsem, halkara derejesinde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hem uly işleri bitirdi.

Biz Rejep Taýyp Ärdoganyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn üns berýändigine we şahsy goşandyna ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana ýardam bermekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak baradaky karar kabul edildi.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen milli Liderimiz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen ordenini gowşurdy.

Belent mertebeli myhman bildirilen hormat üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu çözgüdi hem-de sylagy iki doganlyk halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň we biziň ýurtlarymyzy mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga bolan özara gyzyklanmalaryň aýdyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Türkiýäniň Baştutany ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Agşamlyk döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Türkiýe Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.

TDH

Leave a comment

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *