Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary başlady

Şu gün Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçiriler.

Ýokary derejede geçiriljek bu gezekki duşuşyk iki doganlyk halklaryň netijeli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk ýyl ýazgysyna täze wajyp sahypany ýazar. Şeýle hem ol taryhy taýdan umumy medeniýeti we ruhy däpleri bolan türkmen hem-de türk halklarynyň dost-dogänlyk gatnaşyklary bilen berkidilen netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini şertlendirer.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we tutuş dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň üpjün edilmegini şertlendirýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Gözbaşyny ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy onuň ösdürilýändigini aňladýar. Iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak we dostluk gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde okgunly ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň yzygiderli aladasy netijesinde, döwletara gatnaşyklary barha pugtalandyrylýar. Ýokary derejedäki guralýan özara saparlar Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygyň we söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açýar.

TDH

Leave a comment

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *