Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli şaýy pullar çykaryldy

Ýurdumyzyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.
Ýokary derejedäki bu duşuşyk paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler. Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara, sebit hem-de halkara düzümleriň derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilýän XV sammitiniň hormatyna ýadygärlik şaýy pullaryň çykarylmagy üstünlikli ösdürilýän, milli hem-de umumy bähbitlere gabat gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüler.
Täze şaýy pullar Singapur Respublikasynyň «Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd» kompaniýasy tarapyndan ýasaldy.Şaýy pullaryň ýüz tarapynda Ýer togalagynyň şekili, onuňmerkezinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nyşanyýerleşdirildi. Ýüz tarapynyň ýokarky we iki gapdal böleginde«YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA AGZA DÖWLETLERIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ 15-NJI DUŞUŞYGY» diýen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluňçykarylan senesi «2021» we iki sany kiçijek sekizburçly şekillerýerleşdirildi.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul toplumynyň üstüniýetiren gymmatlyklar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpsanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.


(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy)

Leave a comment

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *