Bazar-dükanlarymyz halkyň hyzmatynda
Biziň gündelik durmuşda iň esasy köp barýan ýerlerimiziň biri-de bazarlardyr. «Bazara bar-da, bagtyňy syna» diýlişi ýaly, gerek zadyňy bereketli ak bazardan saýlap almagam ýakymly. Bazarlarymyzda islän önümiň ençeme görnüşiniň bolmagy-da azyk bolçulygynyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz söwda ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýeterlik möçberinden artyk bölegini eksporta ibermekden, bazarlaryň işinde sazlaşyklylygyň üpjün edilmegini gazanmakdan, ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belleýär. Hut şonuň ýaly-da, Gahryman Arkadagymyz şu işlerde halkyň hal-ýagdaýynyň we abadançylygynyň ykdysady bähbitden ileri tutulmalydygyny nygtaýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tabşyryklaryndan ugur alnyp, harytlar bazarlarymyzda elýeterli bahalardan ilata ýetirilýär. Şeýle-de şu maksat bilen, söwda kärhanalarynyň öndüriji kärhanalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýulýar.