Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

24-nji oktýabr — Birleşen Milletler Guramasynyň güni

Her ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ryn­da dün­ýä jem­gy­ýetçi­li­gi Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň gü­nü­ni bel­le­ýär. Bu şan­ly se­ne 1948-nji ýy­lyň 24-nji oktýabryndan bäri bellenilip gelinýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esa­sy we­zi­pe­si, hemme­ler üçin asu­da, howp­suz we aba­dan gel­je­giň ha­ty­ra­syna hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gol­da­mak we pug­ta­lan­dyrmak ba­ra­da­ky ça­gy­ryş­dan yba­rat­dyr. Gu­ra­ma­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri döw­let­le­riň özyg­ty­ýar­ly deň­li­gi, ola­ryň içer­ki iş­le­ri­ne go­şul­maz­lyk, da­wa­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol­lar bilen çöz­mek, döw­let­le­riň hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek we gu­ra­ma­nyň ag­za­la­ry­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň iş­le­ri­ne köp­çü­lik­le­ýin gat­naş­ma­gy­dyr. Häzir­ki wagt­da 193 döw­let Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­ly­gy­na gir­ýär. Gu­ra­ma­nyň al­ty sa­ny res­mi di­li bo­lup, olar iň­lis, rus, fran­suz, is­pan, hy­taý, arap dil­le­ri­dir. Ga­raş­syz we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan 1992-nji ýy­lyň 2-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň doly ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­di. Şon­dan bä­ri bi­ziň ýur­du­myz dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen özara peýdaly hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňeld­ýär we dün­ýä­de dost­-do­gan­lyk gatna­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek üçin köp iş­le­ri ama­la aşyr­ýar.

Mähri HOJAÝEWA, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Leave a comment

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *