Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Geçen hepdäniň birža söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýeden, Täjigistandan, Irlandiýadan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 391 müň 285 dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdesine Türkiýeden, BAE-den, Gazagystandan we Beýik Britaniýadan gelen işewürler jemi bahasy 8 million 322 müň 375 manatlyk Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügini we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň kärhanalaryna degişli önümleri satyn aldylar.

Leave a comment

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *