Email: Info@mintradefer.gov.tm
 
  • 24.02.2018

Täze transmilli desgalaryň gurluşygyna taryhy badalga berildi

Şu gün Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi. Olara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.

Düýe maly - dünýe maly


Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da ker­wen­le­riň uzak ýo­la git­mek üçin köp wagt­lap yk­jam taý­ýar­lyk gö­ren­dik­le­ri, ýo­la sä­het­li gü­ni çy­kan­dyk­la­ry we ar­gy­şa git­jek dü­ýe­le­riň sa­ny­nyň ýü­ze, hat­da mü­ňe çen­li ýe­ten­li­gi ba­ra­da aý­dyl­ýar.

Ýeňijiler belli boldy

Türkmenistanyň boks boýunça çempionatynyň jemleýji – dördünji gününde final duşuşyklarynyň 13-si geçirildi. Aýgytlaýjy duşuşyklaryň ilkinji üçüsinde zenanlar ringe çykdylar. Ringe ilkinji 48 kilogramyň wekilleri Gülşat Polatowa (Aşgabat şäheri) bilen Lebap welaýatyndan Şährizada Merdanowa çykdylar. Deňeçerräk geçen bu duşuşykda eminler Gülşat Polatowany ýeňiji diýip yglan etdiler. 54 kilogram agramda geçen ikinji duşuşygy Çemen Durdykylyçewa tehniki nokaut bilen öz peýdasyna tamamlady. Onuň garşysyna ringe çykan lebaply Selbi Kuwuşewa duşuşygy dowam etdirmekden ýüz öwürdi. 57 kilogram agram derejesinde hem ýeňiji wagtyndan öň belli boldy. Onda Aşgabat şäherinden Aýgül Atadurdyýewa balkanly Gözel Ataýewadan üstün çykdy.

Kärhanalarymyz

Reklama

KOMPÝUTERLER WE SERWER ENJAMLARY; PROGRAMMIRLEME; 1C WE ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGYNYŇ GURNALYŞY; WIDEOGÖZEGÇILIK ULGAMLARY WE ÝANGYN HOWPSUZLYGYNY ANYKLAÝYŞ ENJAMLARY.

740000 Aşgabat şaheri, Magtymguly şaýoly, 111/a Tel.: 93 44 26

«Türkmenetsüýtsöwda» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýokary hilli et-ýapma we şöhlat önümlerini amatly bahalardan satýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Şamämmet Suhangulyýew (1930) köçesiniň 1-nji jaýy

Tel: 76-02-22; 76-04-73. Faks: 76-19-05.